YKDYSADYÝET

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda bitum mastikasy we bitum emulsiýasy öndürilip başlandy

 Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän «Mizemez gadam» hususy kärhanasynda gurluşyk serişdeleriniň täze görnüşleri hem öndürip başlandy.

Indi 28 ýyldan gowrak wagt bäri öndürýän ýokary hilli gury gurluşyk garyndylary, suw esasly emulsiýalar, kafel üçin ýelimler, bişen kerpiç ýaly gurluşyk serişdeleri bilen adygan bu hususy kärhanasynda öndürilýän önümleriň üsti indi  5 we 15 litrlik gaplara gaplanan bitum mastikasy we bitum emulsiýasy bilen ýetirildi. Şeýle hem bu ýerde 30, 35, 40 kilogramlyk gaplara gaplanan izogamyň önümçiligi güýçli depginde alnyp barylýar. Kärhanada gidroizolýasiýa örtükleriniň önümçiligi, alýuminden penjirelerdir gapylar, demir germewlerdir haýatlaryň hem ýasalýandygy bellärliklidir. Bu önümler Özbegistan Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, Gruziýa Respublikasyna eksport hem edilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: