YKDYSADYÝET

«Mizeme gadam» hususy kärhanasy gurluşyk materiallarynyň öndürişini artdyrylýar.

«Mizemez gadam» hususy kärhanasynda ýylyň iki aýynda 650 müň inedördül metr izogamm öndürildi. Onuň 400 müň inedördül metri fewral aýynda çykaryldy.

Suwuk bitum mastikasynyň öndürilişi bolsa 3700 tonna barabar boldy. Ýanwar aýynda bu görkeziji 1300 tonna barabar bolupdy. Bulardan başga-da, kärhanada 2 million 323 müň kerpiç gurluşykçylara ugradyldy. Keramiki plitalary ýelmeýji gury garyndynyň 320 tonnasy öndürildi.

Öndürilen izogammyň 115,4 müň inedördül metri, suwuk bitum mastiaksynyň 1392 tonna ýakyny daşary ýurtlara eksport edildi. Harytlary Özbegistanyň we Türkiýäniň telekeçileri satyn aldylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: