YKDYSADYÝET

Miwe we ir-iýmişleriň öndürilişi ýokarlanýar

Hasabat döwründe Lebap welaýatynda 36,7 tonna miwe we ir-iýmişler öndürildi. Bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,3 tonna köp bolup, ösüş depgini 3,7 göterime deň boldy.
Bagbançylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler miwe baglarynyň meýdanynyň artmagyna hem-de ýokary hilli önümleriň öndürilmegine şert döredýär. Bu bolsa ilaty täze we ekologiýa taýdan arassa önümler bilen üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir.