MILLI BAÝRAMÇYLYKLAR

Milli ýyl senenamamyzyň akrap döwri başlandy

Milli senenamamyz boýunça akrap döwri 23-nji oktýabrdan başlanyp, 22-nji noýabra çenli dowam edýär. Bu ýylnama türkmenleriň durmuşdaky iň bir ýörgünli hasaplarynyň biri bolupdyr. Bu hasap boýunça ata-babalarymyz ekerançylyk we maldarçylyk işlerini amala aşyrypdyrlar. Muňa milli mirasymyzdan «Mizanyň agzy ýazly, akrabyň agzy aýazly», «Akrap geler sygyryp, ýel-ýagmyryn çagyryp», «Akrapda urmasa, ahyrýetde-de urmaz» ýaly nakyllar doly güwä geçýär.
Hakykatdan hem mizan sowlup, akrap gelenden soň howada birnäçe üýtgeşmeler duýulýar. Ozal öwsen ýel diňe agaçlaryň ýapraklaryny saraldyp, düşüren bolsa, akrap döwründe gijelerine suwuň doňmagy, ösümlikleri sowuk urmagy ýaly ýagdaýlar ýüze çykýar. Şundan ugur alyp, ata-babalarymyz daýhan azabynyň reýgan bolmazlygy üçin bu döwre gowy taýýarlyk görmegi pent edipdirler.