BIZE YAZYARLAR

Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Garaşsyz baky bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary ýokary depginler bilen sanlylaşdyrylýar we innowasion ykdysadyýet kemala getirilýär. Diýarymyzda bu ugry ösdürmek boýunça onuň kanunçylyk binýady hem yzygiderli kämilleşdirilýär we maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga hem-de milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge gönükdirilen işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde ykdysadyýetimiziň sanlylaşdyrylmagyna hem-de onuň pudaklaryna maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň we kämil innowasiýalaryň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Munuň özi ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekligiň döwlet syýasatynda öňde duran durmuşa geçirilmeli möhüm wezipeleriň biridigine doly güwä geçýär.
Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda elektron hökümeti döretmek we sanly resminamalar dolanyşygyny ýola goýmak arkaly döwlet dolandyryşy kämilleşdirilýär. Hususan-da, sanlylaşdyrma hususy ulgamdaky edaralary we kärhanalary bir sanly ulgama birikdirýär. Bu bolsa ýokary hilli tehnologiýalara esaslanýan önümçilikde öndürilýän harytlaryň hil taýdan ýokarlanmagyna we möçberiniň artmagyna, hyzmatlar ulgamynyň has-da kämilleşmegine ýardam edýär.
Sanly ulgamy ösdürmeklik halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň hünärmenler we innowasiýalar bilen üpjünçiligine gönüden-göni bagly bolup durýar. Munuň özi ýurtda kämil tehnologiýalardan baş çykarýan ýokary derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny we pudaklara innowasiýalary ornaşdyrmak babatda daşary ýurt maýa goýumlarynyň giňden çekilmegini talap edýär. Şoňa görä, häzirki wagtda ýurdumyzda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» netijeli amala aşyrylýar, iri maýadarlar we innowasion kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk edilýär. Netijede, Diýarymyzda täze önümçilikler ýola goýulýar, ýurdumyzyň dünýä hojalygyndaky orny has-da pugtalandyrylyp, döwletimiziň durnukly ykdysady ösüşi üpjün edilýär. Şeýlelikde, sanly ulgamyň ösdürilmegi Türkmenistanda mundan beýläk-de durnukly ykdysady ösüşi gazanmaga we halkymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmaga mümkinçilik berer.
Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek arkaly Watanymyzy ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç bolsun!

JUMAÝEW Merdan,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň ,
101-nji okuw toparynyň talyby.