Häzirki zaman dünýä durnuklylygynyň we ösüşiniň esasyny ykdysady kuwwat düzýär. Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy — bu diňe bir sanlaryň ösüşi däl, eýsem halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga we ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraýyny berkidilmegine gönükdirilen ulgamlaýyn işdir. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyz ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünlikleri gazanýar.
Milli ykdysadyýetimiziň häzirki zaman tapgyrynyň iň uly aýratynlygy, onuň çig mal ugrundan däl-de, eýsem ýokary tehnologiýaly önümçilik ugruna tarap üýtgemegidir. Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyplary hökmünde biz ykdysadyýetiň döwrebap şertlerde nähili kämilleşýändigine şaýat bolýarys. Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy netijesinde, dolandyryş ulgamlary awtomatlaşdyrylýar, elektron söwda ösýär we bank hyzmatlary täze derejä çykarylýar.
Ykdysadyýetiň ösüşinde hususy pudagyň, ýagny telekeçiligiň orny örän ulydyr. Kiçi we orta telekeçilik halky täze iş orunlary bilen üpjün etmekde we içerki bazary öz önümlerimiz bilen doldurmakda esasy güýç bolup çykyş edýär. “Türkmenistanda öndürildi” diýen ýazgyly harytlaryň dünýä bazarlaryna çykmagy, milli ykdysadyýetimiziň dünýä giňişligine işjeň goşulyşýandygynyň subutnamasydyr. Mundan başga-da, senagatlaşdyrmak syýasaty çäklerinde gurlan täze zawod-fabrikler ykdysadyýetiň durnuklylygyny üpjün edýär.
Häzirki zaman ykdysady bilimleri talyplardan diňe bir hasaplamalary däl, eýsem dünýä bazaryndaky üýtgeşmeleri seljermegi hem talap edýär. Maýa goýum syýasaty, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady garaşsyzlygyny has-da berkidýär.
Biz — geljekki ykdysatçylar we telekeçiler hökmünde, ýurdumyzyň maddy binýadyny has-da berkitmek üçin döwrebap ykdysady modelleri öwrenmeli we olary öz tejribämizde ulanmaly. Güýçli ykdysadyýet — güýçli döwlet diýmekdir. Ýurdumyzyň ykdysady rowaçlygy bolsa her bir raýatyň bagtyýar durmuşynyň kepilidir.
HALLYÝEWA Gülşat,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň
dil öwreniş bölüminiň 107-nji okuw toparynyň talyby.

