BIZE YAZYARLAR

Milli senedimiziň terbiýeçilik ähmiýeti

Gadymy mirasymyz çagalary milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzdan miras galan ýörelgeler nesilleriň arasynda agzybirligi,ynsanperwerligi, dostlugy we zähmetsöýerligi terbiýeleýär.
Şonuň üçinem çagalar bagymyzda gadymy senetçilik önümleriniň dürli
nusgalarynyň sergilerini ýerleşdirýäris. Şol önümler bilen baglanyşykly
halkymyzyň arasynda saklanyp galan gürrüňler olarda uly gyzyklanma döredýär.
Çagalar senetçilik önümleriniň ýasalyşynyň taryhy baradaky gürrüňlerimizi hem uly gyzyklanma bilen diňleýärler. Şeýle gürrüňler olarda milli senedimize bolan söýgüni oýarýar.
Ir döwürlerde içinde sary ýag, gowurma, toşap saklanylýan golçalar bilen
baglanyşykly ajaýyp däpler döräpdir. Ene-mamalarymyz golça taýýarlamak üçin küýzäniň içine geçen ýylky hasyldan galan maýalyk bugdaý dänelerini salyp, soňra onuň üstüne ak mata ýapypdyrlar. Daş küýze ýagty düşmeýän ýyly ýerde goýlupdyr.
Wagtyň geçmegi bilen küýzäniň düýbünde ilkinji ak şineler peýda bolupdyr.  Şondan soňra daş küýzäniň agzy ak mata bilen daňlyp, obada ýaşaýanlaryň aýratynlygyny alamatlandyrýan bellik, tagmalar edilip, ekabyr zenanlaryň gatnaşmaklarynda beýleki obalara akyp barýan ene ýapdan akdyrylypdyr.
Kim şol küýzä ilki gabat gelse, ol ony hazyna tapan ýaly begenip alypdyr. Küýzäni tapan adam örän nesibeli kişi hasaplanypdyr. Onuň rysgal-bereketi içinde bolupdyr. Golça tapylan badyna oba jar çekilipdir. Il-güne sadaka berlipdir.
Taňrydan bereket, bolçulyk dileg edilip, daş küýzä tagzym edilipdir. Akabadan daş küýzäni tapan adamyň howlusyna il-günden serpaý hökmünde ýaglyga düwlen gant oklanypdyr.
Golçanyň taýýarlanan obasyna buşluk paýy, ýagny söýünji hökmünde geçen ýylky hasyldan galan maýalyklardan üýşürilen zekatlar eltilip berlipdir we olar şol obanyň güzerany kyn adamlaryna paýlanypdyr. Bu däp goňşuçylyk gatanaşyjklaryny hem berkidipdir.

Totygül DÖNMEZOWA,
Saýat etrabyndaky 31-nji çagalar bakja bagynyň mekdebe taýýarlaýyş toparynyň terbiýeçisi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: