BIZE YAZYARLAR

Milli mirasymyza buýsanç.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Hormatly  Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde kökleri asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän ýurdumyzyň ruhy medeni gymmatlyklary, milli mirasy, taryhy ýadygärlikleri, halk döredijiligi, dili hem-de edebiýaty, asylly däp-dessurlary, edim-gylymlary düýpli öwrenilýär we halk arasynda giňden wagyz edilip, döwlet derejesindäki wajyp we saldamly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda milli ýörelgelerimiziň mynasyp derejede dowam etdirilmegi bizi has hem guwandyrýar. Zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň keşdelerini, gülli joraplaryny, owadan tahýalaryny, çyrpydyr kürtesini, ýürekleriniň päkliginiň siňen ketenisini synlap, ruhuň heýjana gelýär. Zenanlarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň nepisligi  milliligimiziň, ebedi gymmatlyklarymyzyň bir parçasy hasaplanylýandyr.

Häzirki wagtda medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy toparlar ýurdumyzyň  welaýatlarynda, etraplarynda, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, diline, edebiýatyna, taryhyna, halk tejribesine, milli sungatyna degişli maglumatlary ählitaraplaýyn öwrenýärler. Döredijilik toparlary Ahal, Mary, Lebap, Balkan, Daşoguz, topragynda bolup, birnäçe gymmatly maglumatlary topladylar. Türkmen halysy, ahalteke bedewi, alabaýy, milli lybaslarymyz, şaý-seplerimiz, nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi, dessanlarymyz, mukamlarymyz gaýtalanmajak özboluşlulygy bilen tapawutlanýarlar. Maddy-medeni mirasymyz bilen bir hatarda, ruhy mirasymyz, ýagny, türkmen halk döredijiligi bütin dünýä medeniýetiniň naýbaşydyr. “Görogly” şadessanynyň, “Küştdepdi” tans sungatynyň, türkmen halyçylyk sungaty, şeýle-de “Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty” atly milli hödürnamasynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr.

Ahalteke bedewleriniň beýik sungat hökmünde kemala gelip, türkmen halkymyzyň milli gymmatlygydyr. Bedewlerimiz owadanlygy, ýyndamlygy, wepalylygy bilen dünýä ýüzüni haýrana goýýar. Türkmen halkynyň adyny bütin dünýä äşgär edip, uly gyzyklanma döredýän şeýle gymmatlyklarymyzyň biri bolan alabaý itlerimiziň tohum arassalygyny saklamakda we olaryň sanyny artdyrmakda alnyp barylýan beýik işler her birimizi guwandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitaby hem türkmen alabaý itleriniň şan-şöhratyny dünýä ýaýdy. Köpasyrlyk taryhy döwrüň dowamynda halkymyzyň ruhy gymmatlygyna öwrülen alabaýlar hakynda eser döretmek milli mirasymyzy has-da içgin öwrenmek bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýaş nesilleriň dünýä ölçeglerine laýyk bilim almagy, döretmegi, özleriniň ukyp-başarnyklaryny durmuşa geçirmekleri, gözýetimlerini giňeltmekleri ugrunda irginsiz zähmet çekýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik bolsun. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

   Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň “Fortepiano” bölüminiň mugallymy

  Kerimkulowa  Rаýhan.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: