Türkmenistanyň Jenaýat, Jenaýat iş ýörediş hem-de Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodekslerine, şeýle hem migrasiýa we balykçylyk pudaklaryna degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmelerdir goşmaçalar girizilýär. Bu barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 20-nji fewralda geçirilen mejlisinde Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa döwlet Baştutanyna hasabat berdi. Hasabatda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler esasynda milli hem-de halkara tejribeler öwrenilip, hereket edýän kanunçylyk namalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň hukuk binýadynyň döwrebap ýagdaýda saklanmalydygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna görä kämilleşdirmegi dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleriň döwletimiziň demokratik esaslaryny pugtalandyrmaga we raýatlaryň hukuklaryny goramaga gönükdirilmelidigini nygtady.
Milli kanunçylyk binýady döwrüň talaplaryna laýyklykda kämilleşdirilýär
21
Feb
