Milli jemgyýetimizde çagalary goralyň
Bagtyýarlygyň mekany hasaplanýan Türkmenistan döwletimizde gelejegimiz boljak çagalar, ýaş nesil baradaky alada halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri we halkara kadalary esasynda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň strategiki ugry bolmagynda galýar. Çagalar bu durmuşyň güli, maşgalanyň geljegi, jemgyýetimiziň ertirki eýeleri hasaplanýar. Şondan ugur alynyp ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dost-doganlyk ruhunda terbiýelemek babatda durmuşa
ornaşdyrylýan işler köp görnüşlidir.
Körpe nesliň irki ösüş döwründen beden, aň-bilim, ruhy-ahlak we durmuş taýdan kämilleşmegi döwlet aladalary bilen gurşalandyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz sebitde we dünýäde uly gyzyklanma döredýän, adamlaryň bähbitlerine gönükdirilen oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi, oňa gahryman Arkadagymyzyň
adynyň dakylmagy türkmen halkynyň Milli Lideriniň halkyna bagyşlan şan-şöhratly ykbalynyň dünýä nusgalykdygyny, adyllykdan nyşandygyny ýene-de bir gezek görkezýär. Gaznanyň hasabyna ýurdumyzyň howandarlyga mätäç çagalary paýtagtymyzyň hem-dewelaýatymyzyň lukmançylyk edaralarynda dürli barlaglardan geçirilýär. Olara maddy kömek bermek däbe öwrüldi. Bu däp boýunça diňe bir türkmenistanly çagalar däl, eýsem, goňşy döwletleriň körpeleri üçin hem
gaznadan haýyr-sahawat kömegini bermegiň ýola goýlandygyny bellemelidiris.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.
Gülbahar AMANDURDYÝEWA,
Darganata etrabyndaky 4-nji çagalar bagynyň terbiýeçisi