Türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan medeni mirasy dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmegiň hem täsirli serişdesidir. Gahryman Arkadagymyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa halkymyzyň adyndan Alabaý we Alaja atly arassa ganly türkmen alabaýlaryny ibermegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu sowgat iki halkyň arasyndaky dostlugyň, özara hormatyň we medeni ýakynlygyň täsirli nyşany hökmünde kabul edildi.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň, şol sanda Tatarystan Respublikasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklarynyň ýylsaýyn işjeňleşmegi diňe ykdysady ýa-da tehnologiýa ugurlary bilen çäklenmeýär. Energetika, ulag, ýokary tehnologiýalar ýaly möhüm pudaklar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar hem bu hyzmatdaşlygyň ruhy binýadyny berkidýär. Gahryman Arkadagymyzyň Tatarystana amala aşyran saparynyň dowamynda gazanylan ylalaşyklar, öňe sürlen başlangyçlar we häzirki wagtda dowam etdirilýän hoşniýetli gatnaşyklar türkmen-tatar dostlugynyň täze many-mazmuna eýe bolýandygyny görkezýär.
Alabaýlaryň tatar topragynda hem aýratyn gyzyklanma we hoşallyk bilen garşylanmagy milli mirasymyzyň serhetlerden aşýan gadyr-gymmatyny görkezýär. Munuň özi itşynaslyk däplerini ösdürmek, arassa ganly türkmen alabaýlaryny wagyz etmek, iki halkyň arasynda medeni tejribe alyşmagy giňeltmek babatda täze mümkinçilikleri açýar. Türkmen halkynyň adyndan gowşurylan şeýle sowgatlar döwletleriň arasyndaky gatnaşyklara mähir, ynam we ruhy ýakynlyk çaýýar. Çünki käte dostlugyň iň çuň manyly beýany resmi resminamalarda däl-de, halklaryň ýüregine ýakyn bolan milli gymmatlyklarda jemlenýär.
Mergenmuhammet KAKABAÝEW,
Lebap welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, maýor.

