BIZE YAZYARLAR

Milli gymmatlyklar we ýaş nesil

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly milli gymmatlyklarymyzyň ýaşlaryň terbiýesindäki ornuna täzeden seretmäge itergi berýär. Bu şygar türkmen halkynyň taryhy ýoluny, ruhy baýlygyny we geljege bolan beýik ynamyny özünde jemleýär. Şonuň üçin hem bilim ulgamynda alnyp barylýan işlerde milli terbiýä aýratyn orun berilýär.
Okuw sapaklarynda, terbiýeçilik çärelerinde türkmen halkynyň däp-dessurlary, ahlak ýörelgeleri, edep-ekramy giňden wagyz edilýär. Bedew at — biziň milli buýsanjymyz, türkmen ruhunyň nyşanydyr. Şygar arkaly bu gymmatlyklaryň ýaş nesliň aňynda has-da berkemegi gazanylýar. Bu bolsa olaryň öz milletine bolan söýgüsini pugtalandyrýar.
Bilim işgärleriniň esasy wezipesi ýaşlary diňe bir okuw kitaplary bilen çäklendirmän, olaryň ruhy dünýäsini hem baýlaşdyrmakdyr. Şu ýylda alnyp barylýan işler ýaşlaryň milli gymmatlyklara daýanýan, döwrebap pikirli şahsyýetler bolup kemala gelmegine uly itergi berýär.

Mamasoltan EREŞOWA,
Farap etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň mugallymy.