TÜRKMENISTAN HABARLARY

Milli deňiz we derýa ulaglary pudagynyň ösüşine aýratyn üns berilýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew Hökümetiň 15-nji oktýabrda geçirilen mejlisinde döwlet Baştutanyna milli deňiz we derýa ulaglary ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Gämileri abatlamak, täze önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek we ýerli senagaty döwrebap enjamlar bilen üpjün etmek ugurlarynda işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiz bu ugurda netijeli işleriň alnyp barylýandygyny aýdyp, “Derýaýollary” paýdarlar jemgyýetiniň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça teklibi makullady.