Türkmen halky milli buýsanjymyz bolan behişdi bedewlerimize diňe bir geçmiş taryhymyzda däl-de, eýsem, şu günümizde hem çäksiz guwanýar. Üstümizdäki «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ― bedew batly at-myradyň mekany» atly şanly ýylymyzyň hem adynyň behişdi bedewlerimize salgylanmagy, ýöne ýere bolman, bu owadan Äleme ýaň salan gamyşgulak, owadan bedewlerimize goýulýan hormaty ýene bir gez beýgeltdi. Şeýle bedewler bu günki gün biziň ak arzuwlarymyz, päk niýetlerimiz bolup, türkmen halkyny güneşli ertirlere, ak säherlere sary atarýar.
Türkmen bedewleri gadymy hem-de müdimi milletimiziň erkanalygynyň we erkliliginiň ölçegidir. Bagtyýar zamanamyzda halkymyzyň çüwen bagtynyň owadan nyşany, toýlarymyzyň, milli baýramlarymyzyň, şanly senelerimiziň bezegi bolup, bu günki gün dal bedewlerimiziň at-owazasy Äleme ýaň salýar. Halkymyzyň milli guwanjy bolan türkmen bedewi öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Olaryň owadanlygy, ýyndamlygy, çydamlylygy, berk bedenliligi, ajaýyp häsiýetleri bolsa elmydama dünýä jahankeşdleriniň, şahyrlaryň, ýazarlaryň dilinde wasp edilipdir.
Behişdi bedewler biziň taryhymyza, däp-dessurlarymyza, medeniýetimize çuňňur ornaşypdyr. Ata-babalarymyzyň öz atyny maşgala agzalarynyň biri hökmünde görendigine bolsa «Ertir turup atyňy gör, ataňdan soňa atyňy» diýen nakyl hem doly şaýatlyk edýär. Dogrudan-da, ata-babalarymyz özi iýmän atyna iýdiripdirler. Özi geýmän atyny bezäpdirler. Atlaryna höregine derek gözüniň agyny, ýüreginiň ýagyny, suwa derek süýt içirip, gymmat bahaly şaý-sepler, atlas-lybaslar bilen beslän, ýele ýelken, Güne galkan bolup, olary dünýädäki ähli baýlykdan ileri tutup, goraglap gezen türkmen halkynyň gözünde bedew atyň gadyr-gymmaty düýpgöter başgaçadyr.
Geçmişimize nazar aýlasak, ökde, ussat seýisler bolup, olar gyzdan gylykly, ýelden ýüwrük, inçe bil, uzyn aýak, gamyş gulak atlary ýetişdirmek bilen meşhurlyk gazanypdyrlar. Hatda seýislik käri ajaýyp sungata öwrülipdir. Muňa türkmen halkynyň aňynda öçmejek yz goýan «Görogly» şadessanyndaky Jygalybegiň hut özi hem mysal bolup biler. Şadessanda Hüňkär Jygalybegiň gözüni oýduranyndan soňra, ol agtygy Röwşen bilen Üçgümmez dagyna tarap ýola düşýär. Ýolda barýarkalar Röwşen yzlaryndan kowgy gelýändigini habar berýär. Şonda Jygalybeg agtygyndan yzyndan kowup gelýän atlaryň reňkini, gadam urşyny, tohumyny sorap, gözi sokur bolsa-da, şol atlary tanap, şoňa göre hem gaçyş ýollaryny salgy berýär. Bu ýerde Jygalybegiň paýhaslylygy bilen bir hatarda onuň nä derejede ussat seýis bolandygy hem öňe çykýar. Jygalybeg aty seýislemegiň inçe tärlerini, ony reňki, hüýr-häsiýeti boýunça kesgitläp bilmekligi, aty nädip bakyp bejermelidigini agtygyna hem öwredýär. Görogly öz atasyndan görelde alyp, atyna wepaly bolup, oňa ömrüni baglaýar. Ol aty bilen ähli kynçylyklary ýeňip geçýär. Şadessanyň bütin dowamynda Göroglynyň belent derejelere ýetmeginde, duşmandan üstün çykmagynda, ýeňiş gazanmagynda Gyratyň möhüm ähmiýete eýe bolandygy türkmen okyjysyna äşgär edilýär. Şonuň üçin hem “Görogly” şadessanyna belli bir derejede bedew hakdaky eser hem diýip bolar. Görogly öz Gyratyna «Başdaşym, syrdaşym, ýowuz günde wepaly ýoldaşym» diýipdir. Hatda Göroglynyň Gyrata ýüzlenip «Perzent dilemedim, seni diledim» diýýän setirlerine hem duş gelmek bolýar. Çünki Görogly öz Gyraty bilen Görogly derejesine ýetýär. Gyraty Göroglysyz, Göroglyny bolsa Gyratsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däldir.
Aýsoltan AMANMEDOWA,
Saýat etrabyndaky ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiň mugallymy.
