Milli bahar baýramyna bagyşlanan wagtlaýyn sergi işläp başlady
Lebap welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Milli bahar baýramyna bagyşlanan «Nowruz ösüşiň we gözelligiň nagmasy» atly wagtlaýyn sergi açyldy.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň, Türkmenabat şäherindäki Derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary, welaýat çagalar kitaphanasynyň işgärleri, Türkmenabat şäherindäki 5-nji we 41-nji orta mekdebiň mugallymlary sergini ilkinjileriň hatarynda synladylar. Onda Nowruz baýramynyň däpleri we bellenilişi bilen baglanyşykly muzeý gymmatlyklary, suratlar, öý esbaplary goýulypdyr.
Serginiň açylyş dabarasynyň öň ýanynda Nowruz baýramyna bagyşlanan maslahat bolup geçdi. Onda bu baýramyň gelip çykyşy, haýsy halklarda bellenilýändigi, biziň günlerimizde nähili bellenilýändigi we ýene-de köp meseleleriň üstünde durup geçdiler.
Maral HOJAGULYÝEWA,
Lebap welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň uly ylmy işgäri.