BIZE YAZYARLAR

Milli Bahar baýramy

Nowruz pasyllaryň soltany bolan bahar paslynyň gelendigini buşlaýan senedir. Nowruzda bu goja zemin ýaşyl donuna bürenip tebigat janlanýar. Guşlaryň mahmal owazlary, bahar bägülleriniň owadanlygy kalbyňy heýjana getirýär. Nowruz baýramy-taryhy şeýle hem gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, Türkiýede, Owganystanda,
Özbegistanda, Eýranda, Azerbeýjanda, Gazagystanda, Yrakda, Hindistanda, Gyrgyzystanda, Täjigistanda giňden şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. 2010-njy ýylda BMG tarapyndan Nowruz baýramynyň halkara derejesindäki baýramy diýilip yglan edilmegi dost-doganlyk gatnaşyklaryny has hem jebisleşdirýar. Nowruz baýramçylygy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Nowruz baýramy birnäçe Gündogar halklarynyň şeýle hem türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny, türkmen halk
döredijiligini özünde jemleýändir.
Däp bolşy ýaly her ýyl ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Milli bahar baýramy şatlyk-şowhun bilen giňden dabaralandyrylýar. Aýdymçylaryň, sazandalaryň we tans toparlarynyň joşgunly çykyşlary baýramçylygyň, dabaranyň şowhunyny has hem artdyrýar. Nowruz baýramçylygy mynasybetli milli tagamlara, dürli nygmatlara baý bolan desterhanlar giňden ýazylýar. Bugdaý maýsasy toý
saçagynyň bezegi bolup, bugdaýdan taýýarlanylýan bereketiň we agzybirligiň nyşany bolan semene baýramçylykda däp bolan tagamlaryň biridir. “Nowruz” täze gün diýmekligi aňladyp, gadymy däp-dessurlar ýagny, şaman oduny ýakmak, otdan bökmek, Äşe-Patmanyň tagamy bolan semene bişirmeklik bilen bagly bolup durýar. Nowruz baýramçylygynyň özboluşly aýratynlygynyň biri hem hiňňildikler bolup, dabara gatnaşýanlaryň ruhuny göterýär. Şeýle hem merdana türkmen ýigitleri behişdi bedewlere atlanyp, at çapyp, ýaglyga towsup dabaranyň şowhunyny artdyrýarlar. Gelin-gyzlar bolsa ýürek arzuwlarynyň waspyny läle kakyp, monjugatdy oýnunyň üsti bilen ýerine ýetirýärler. Baýramçylyk bilen baglanyşykly birnäçe sergiler gurnalýar.  Milli Bahar baýramy ýagny, Nowruz güni birek-birege bolan hoşniýetli gatnaşyklaryň, ynsanperwerligiň, agzybirligiň we parahatçylygyň, dost-doganlygyň ýörelgelerini dabaralandyrýan baýramdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Nowruz baýramy türkmen halkynyň milliliklerini, gadymdan gelýän däp-dessurlaryny has hem baýlaşdyryp, dünýä ýüzüne ýaýmakda bitirýän beýik işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyşlarymyzy aýdýarys.

Maýsa BAÝRAMOWA,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Türkmen milli saz gurallary” bölüminiň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: