Milli bahar baýramy- Halkara Nowruz güni.
Goja zeminiň gül-gülälege, ýaşyl donuna bürenip, ynsan kalbyny heýjana getirýän bu ajaýyp günlerinde milli baýramçylyklarymyzyň iň naýbaşylarynyň biri bolan Milli bahar baýramy-Halkara Nowruz güni halkara derejesinde ýokary ruhubelentlilik, şatlyk-şowhun bilen giňden bellenilýär. Ata-babalarymyzdan miras galan Milli bahar baýramy-Nowruz güni diňe bir bahar baýramy däl-de eýsem, gözelligiň, ajaýyplylygyň şeýle-de milli däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygynyň hazynasy hasaplanýandyr. Birnäçe asyrlaryň dowamynda milli däp-dessurlary özünde jemleýän Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendir. Nowruz galkynyşyň, gülleýşiň, kämillenişiň we täzelenişiň baýramy bolmak bilen birnäçe halklaryň arasynda parahatçylygy, jebisligi, agzybirligi hoşniýetli dost-doganlyk gatnaşyklaryny alamatlandyrýan baýramçylykdyr. Nowruz baýramynda semeni bişirilip, birnäçe datly tagamlaryň dost-ýarlara, goňşylara paýlanmagy hoşniýetli goňşyçylygyň aýdyň mysalydyr.
Nowruz baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde giňden bellenilip, aýdymdyr-sazlar, gadymy dessurlaryň gözelligi bilen baýlaşdyrylyp, dabaranyň geçirilýän ýerinde owadan bezelen hiňňildikler, köp sanly ak öýleri gurnalýar. Türkmen halkynyň toý-dabaralarynda, baýramçylyklarynda at çapyşyklarynyň geçirilmegi has hem ünsüňi çekýär. Şeýle-de baýramçylyk saçagy milli tagamlar bilen bezelip, külli türkmen saçagynyň naz-nygmatlardan dolulygy, köpdürliligi bilen haýran galdyrýar.
Gündogaryň akyldar, dana, pahim-paýhasly şahyry Magtymguly Pyragynyň “Gelse Nowruz äleme-reň kylar jahan peýda” ajaýyp goşgy setirleriniň üsti bilen bahar paslynyň gözelliginiň ynsanyň yüreklerine paýlaýan şatlygyny, ruhy öwüşginiň täsinliligini ussatlarça suratlandyrypdyr. Nowruz türkmen topragyna bolçulyk, rysgal döwlet paýlaýan, dünýäni täze keşbe getirýän berekediň naýbaşydyr.
Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda türkmen halkymyzyň mukaddes däp-dessurlaryny, gadymdan bellenip gelýän baýramçylyklaryny öňkisinden hem has-da kämilleşdirilip belläp geçmeklik üçin netijeli işler ýola goýulýar. Türkmen halkynyň medeniýetini, sungatyny kämilleşdirmäge, ösdürmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň işleri rowaçlyklara beslensin.
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň
“Fortepiano” bölüminiň mugallymy Akyýewa Gülşat Rozgulyýewna.