Türkmen halkynyň baý taryhynda we ruhy dünýäsinde aýratyn orun eýeleýän baýramlaryň biri hem Milli bahar baýramy — Nowruz baýramydyr. Bu baýram müňýyllyklaryň dowamynda halkymyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolup, parahatçylyk, dostluk we agzybirlik ýaly gymmatlyklary özünde jemleýär. Baharyň ilkinji günleri bilen birlikde bellenilýän bu baýram halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny, medeni mirasyny hem-de ýaşaýşa bolan söýgüsini aýdyň görkezýär.
Nowruz baýramynyň taryhy müňýyllyklaryň jümmüşine uzap gidýär. Ata-babalarymyz bu baýramy täze ýylyň başlangyjy hökmünde garşylap, ýer ýüzünde ýaşaýşyň täzelenmeginiň nyşany hökmünde belläpdirler. Şol günlerde adamlar öýlerini arassalap, täze ýyl üçin taýýarlyk görüpdirler, dürli milli tagamlary taýýarlapdyrlar. Bu däpler häzirki döwürde hem dowam etdirilýär we halkymyzyň medeni baýlygynyň möhüm bölegi bolup durýar.
Garaşsyz Türkmenistan döwletimizde hem Milli bahar baýramy giňden bellenilýär. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde baýramçylyk çäreleri, medeni çykyşlar we halk köpçülikleýin dabaralary guralýar. Halkymyzyň gadymy däp-dessurlary, milli oýunlary we aýdym-sazlary arkaly baýramçylyk ruhy has-da beýgelýär.
Milli bahar baýramy diňe bir tebigatyň oýanmagyny däl, eýsem adamlaryň ýüregindäki ýagşy umytlaryň hem täzelenmegini alamatlandyrýar. Bu baýram halkymyzy agzybirlige, dost-doganlyga hem-de täze üstünliklere ruhlandyrýar. Şeýlelikde, Milli bahar baýramy — geçmişden şu güne çenli gelip ýeten beýik medeni miras hökmünde halkymyzyň durmuşynda aýratyn ähmiýetini saklap gelýär.
Bahargül KADYROWA,
Çärjew etrap kazyýetiniň kazysy.

