DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Milletler ligasy. Ispaniýa uly hasap bilen ýeňiş gazandy

 Milletler ligasynyň 4-nji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Ispaniýa öz meýdanynda 3:0 hasabynda Serbiýany ýeňdi.

 Duşuşygyň gollaryny Lýaport, Morata we Baena geçirmegi başardylar.

 3 oçko gazanan ispanlar 10 oçko bilen toparda birinji ýeri eýeledi.

 Bu tapgyrdan orun alan başga bir oýun Şweýsariýa bilen Daniýanyň arasynda geçirildi. Duşuşyk 2:2 hasabynda tamamlandy.

 26-njy we 27-nji minutda geçirilen gollar öwezine toparlar 1:1 hasaby bilen arakesme çykyp gidýärdi. 69-njy minutda bolsa Eriksen hasaby deňledi.

 Bu oýundan soň Daniýa ikinji, Şweýsariýa 4-nji ýeri eýeledi.