«Microsoft» kompaniýasy resmi goldawy bolmadyk operasion ulgamly enjamlara «Windows 11» oturdan ulanyjylara duýduryş bermekçi. Bu barada «The Verge» salgylanmak bilen, Russiýanyň «Новости» habar beriş agentligi ýazýar.
«Windows 11 Release Preview»-niň (22000.588) soňky görnüşinde gizläp ýa-da öçürip bolmajak suw belgisi ýüze çykaryldy. Ol ulanyja hatda operatiw ulgamyň kopiýasynyň resmi bolmagyna garamazdan, «Windows»-iň goldanylmaýan ulgama oturdylandygyny habar berýär. Windows 11»-iň talaplarynyň ýokarydygy zerarly dünýäde millionlarça kompýuterler täzelenişsiz galdylar.
Bu baradaky habardan soň tiz wagtda operasion ulgamyň talaplaryny ýerine ýetirmezden «Windows 11»-i goýmagyň usullary hem peýda boldy. Ýöne «Microsoft» munuň bilen göreşmekçi.
«Windows 11»-iň ýakyn wagtda peýda boljak täzelenişinde suw belgisi peýda bolar.