SPORT WE SYÝAHAT

Meýletin gatnaşyjylar marafonyň ähmiýetine ýokary baha berýärler

Ýakynda Türkmenabat şäherinde geçirilen marafona meýletin ýagdaýda gatnaşyp ýeňiji bolan ildeşlerimiz bu çäräniň ähmiýetine ýokary baha berýärler. Bu barada ýaryşyň 18 ýaşdan ulularyň arasyndaky ýeňijileri Gurtgeldi Gurdow bilen Nargiza Kadyrowa welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdiler:
Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjysy, sambo boýunça türgen Gurtgeldi Gurdow şeýle diýýär:
— Türgenleşikdedik. Şäherimizde marafonyň geçiriljekdigini eşiden badyma oňa gatnaşmaga höwes bildirdim. Maksadym bu ähmiýetli çäräniň jümmüşinde bolmakdy. Ýöne hormat münberiniň birinji basgançagyna çykmak nesibämde bar eken.
Biz — türgenler, sportuň çakylykçylary. Söweş sambosy bilen meşgullansam-da, sportuň beýleki görnüşleri-de meni biparh goýanok. Şeýle ähmiýetli çäräni guraýjylara hoşallygym çäksiz.
Türkmenabat şäherindäki 17-nji orta mekdebinde bedenterbiýe mugallymy bolup işleýän Nargiza Kadyrowa: «Şu gezekki marafon maňa uly mümkinçilik berdi. 18 ýaşdan uly zenanlaryň arasynda ýaryşa gatnaşyp, birinji orna mynasyp bolmak meniň üçin has ýakymly ýagdaýdyr. Mugallym hökmünde ýaşlaryň, mekdep okuwçylarynyň bu çärä höwes bilen gatnaşmaklary meni diýseň begendirdi. BMG-niň döredilmeginiň 80 we hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanan bu çäre Ýer ýüzünde sportuň parahatçylyk dörediji güýjüni ýene bir ýola tassyklady» diýip, pikrilerini paýlaşdy.