YKDYSADYÝET

Meýilnama 168,7 göterim ýerine ýetirildi

 Daşoguz «Çeper» tikin fabriginde şu ýylyň 9 aýynyň jemi boýunça fabrikde tikilýän önümler 13 million 604 müň manatlyk bolup, meýilnama 168,7 göterim ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bu görkeziji 119,4 göterime barabardyr.

Fabrigiň eli çeper tikinçileriniň tikin önümleriniň aglaba bölegi buýurmalar esasynda öndürilýär. Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň, Döwlet serhet gullugynyň buýurmalary esasynda esgerler we serkerdeler üçin ýörite eşikler tikilýär. Şeýle hem hassahana geýimleri, aşpezler üçin eşikler, ýeňlikler, başgaplar, pamykly düşek, ýorgan, ýassyk, olaryň daşlyklary, halatlar işçi geýimleri öndürilýär. Fabrigi çig mal bilen esasan, Ruhabat, Türkmenbaşy, Gökdepe, Aşgabat dokma toplumlary üpjün edýärler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: