«Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginde tebigy gaz almak boýunça meýilnama 140%-den gowrak ýerine ýetirildi.
Bu üstümizdäki ýylyň geçen aýlarynda bölek boýunça tebigy gazyň 2 milliard 788 million kub metrden gowragynyň öndürilendigini we ulanyjylara iberilendigini aňladýar. Şeýle-de, gaz kondensatyny öndürmek baradaky meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Ýylyň başyndan bäri bu önümiň 2584 tonnasy öndürildi. Gaz kondensaty Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýan zawodynda gaýtan işlenilýär we ondan benzin öndürilýär.