Messiniň indiki topary belli
Fransiýanyň “Strasburg” kluby özüniň internet ulgamlardaky sahypalarynda 17 ýaşly ýarymgoragçy Raýan Messi bilen şertnama baglaşandygyny resmi taýdan yglan etdi.
Futbolçynyň şertnamasynyň 2026-2027-nji ýylky möwsümiň ahyryna çenli düzülendigi mälimdir. Transferiň bahasy 1,5 million ýewrodyr.
Geçen möwsüm ýaş zehinli üçin üýtgeşik boldy. Fransiýanyň üçünji bölüminiň wekili “Dijon” topary üçin 4 oýunda meýdana düşdi we 1 pökgi geçirmegi başardy.
Ýeri gelende aýtsak, şol gol sebäpli Raýan klubyň taryhynda iň ýaş pökgi geçiren futbolçy boldy.
Şu ýylyň maý aýynda Messi Fransiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Kiprde geçirilen Ýewropa çempionaty U-17-de gatnaşdy.