Messini görmek üçin 10 sagat garaşdy
Huan Polkan atly janköýer Lionel Messi bilen duşuşmagy başardy.
Ýigit Pariže geldi we bir wagtlar Messiniň öýünde işleýän bir dellekçi arkaly argentinaly ýyldyz oýunçysynyň ýaşaýan ýerini bildi. Huan Messiniň öýüni tapyp, futbolçy bilen duşuşmak üçin, takymanan, 10 sagat garaşdy.
Garawullar ony polisiýa jaň etmek bilen gorkuzanda ýigit umydyny ýitiripdi. Ýöne şol wagtda Messiniň aýaly Antonella peýda bolup, Huany öýüne çagyrdy.
Huan bu duşuşyk barada «Infobae» neşirine şeýle gürrüň berdi:
― Meniň gören ilkinji gören zadym Messiniň meniň öňümde gysga balakly we aýakgaply durşydy. Ol bize «Salam» diýdi.
Huany öýlerine ýeke özüni däl-de, oňa goşulan başga bir janköýer bilen bile çagyrdylar ― ol Messä surat görnüşinde sowgat getirdi. Messi janköýerleri bilen surata düşdi we awtograflara gol çekdi.