DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Messi toparyny ýarym finala çykardy

Argentin ýyldyzy Lonel Messiniň “Inter Maýami” topary Demirgazyk Amerikanyň 60-njy gezek geçirilýän çempionlaryň kubogy ugrundaky ýaryşynda çykyş edýär.
KONKAKAF Çempionlar ligasynyň çärýek finalynda “Inter Maýami” topary “Los Anjeles” topary bilen duşuşdy. Toparlaryň birinji duşuşygynda “Los Anjeles” topary 1:0 hasabynda üstün çykypdy.
Jogap duşuşygynda, Lionel Messiniň geçiren 2 goly bilen “Inter Maýami” topary garşydaşyny 3:1 hasabynda utup, ýarym finala çykdy.
Ýarym finalda “Inter Maýami” topary Meksikanyň “Tigres” topary bilen duşuşar.
Bu ýaryşa Demirgazyk, Merkezi Amerika, şeýle hem Karib basseýniniň ýurtlarynyň futbol toparlary gatnaşýar. 27 topar 5 tapgyrda bäsleşýär

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: