SPORT WE SYÝAHAT

Messi bilen Ronaldu ýene biri-biri bilen duşuşar

 Žurnalist Ali Alabdalhanyň mälim etmegine görä, ady aýdylmadyk marketing kompaniýasy «Al-Nassr» bilen «Inter Maýamimiň» arasynda ýoldaşlyk duşuşygyny gurnaýar.

Duşuşygyň Hytaýda bolup biljekdigi bellendi.  Ýatladyp geçsek, Messi we Ronaldu 2023-nji ýylyň başynda özara ýüzbe-ýüz bolupdy. «Er-Riýad» ýyldyzlaryndan düzülen topar bilen PSŽ-iň arasyndaky dostlukly oýunda parižliler 5: 4 hasabynda ýeňiş gazanypdy. Şol duşuşykda Ronaldu goşa pökgi geçirip, Messi öz hasabyna bir pökgi ýazdyrypdy.