SPORT WE SYÝAHAT

Messi «Barselonany» terk eder

Hüjümçi Lionel Messi «Barselona» bilen täze şertnama gol çekmedi we kluby terk eder, diýip «Российская газета» ýazýar.

34 ýaşly argentinalynyň «Barselonany» taşlamagyna Ispaniýanyň La Ligasynyň täze düzgünleri sebäp boldy. Messä hakyny 50% kemeltmegi teklip etdiler, ol munuň bilen ylalaşmady.

Argentinaly hüjümçiniň «gök-gülgünelilerde» kemala gelendigini ýatladýarys. Ol klubuň düzüminde on gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, ýedi gezek ýurduň Kubogyny we sekiz gezek Superkubok aldy. Şonuň ýaly-da, ol dört gezek çempionlaryň Ligasyna ýeňdi, UEFA-nyň Superkubogynda we dünýäniň klub çempionatynyň hersinde üç gezek utdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän maglumatlaryna görä, Lioneliň indiki ugry Pariž bolmaly. Oňa PSŽ klubynyň (Pariždäki «Pari Sen-Žermen» professional futbol klubynyň) hojaýynlary garaşýarlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: