Türkmen dili örän baý dil bolup onda ulanylýan käbir sözleriň manysy has çuň hasaplanýar. Meşik sözi biziň gündelik durmuşymyzda köp ulanylman, ulanyşdan galan söz hasaplanýar. Meşik-munuň özi deriden ýasalýan gap bolup, ony çarwa pederlerimiz suwy ýa-da suwuk zatlary saklamak üçin ýasapdyrlar. Meşikde saklanan suw sowuk, teşneligiň gandyrýan, üýtgeşik lezzetliligi bilen tapawutlanypdyr.
Tomsuň depäňi deşip barýan jöwzaly yssylarynda her bir türkmeniň gara öýünde meşiklerde suw saklanypdyr. Meşikde saklanan suw sowuk bolup ondan çarwadarlyk bilen meşgullanan ilat has hem köp peýdalanypdyr. Halk arasynda dörän goşgy setirlerinde türkmen meşigi barada hem duşmak bolýar.
“Türkmen meşiginiň suwy
Ähli suwlardan gowy”
ýa-da
“Kim meşigiň suwun içer
Kesel oňa degmän geçer”
Şu setirlerde beýan edilişi ýaly meşik suwynyň peýdasy, melhemliligi gadymdan bellidir. Gadymda kerwen bilen gidilýän ýollarda esasy suw gaby meşik bolupdyr. Bu täsin suw gabynyň deriden eýlenip taýýarlanyşy hem has geň. Munuň üçin goýunyň derisini tutuşlygyna alyp, duz sepilip, birnäçe günläp güne serip goýupdyrlar. Deri duzda näçe köp wagt saklanylsa meşik şonça-da berk bolupdyr. Duzdan aýrylan deri kölegede guradylypdyr. Soňra derini aşgarly suwda gaýnadypdyrlar. Şol döwürlerde aşgary almak üçin sazak, çerkez, borjak ýaly ösümlikleriň külini gaýnadyp aşgar ýasapdyrlar. Meşiklik deriniň ýüňi duzlananda, guradylanda, aşgarda gaýnadylanda özünden ýitip gidýär. Soňra ol tikilýär, oňa “deri düýbemek” hem diýip aýtýarlar. Mal derisini eýläp ondan dürli hilli esbaplary ýasamaklyga “çerimçilik” sungaty diýilýär.
Häzirki döwürde muzeýlerimizde, mirashanalarymyzda dürli görnüşde ýasalan meşiklere, zähmet gurallaryna duşmak bolýar. Olaryň her birinde pederlerimiziň biziň günlerimize getiren eliniň yzlary saklanýar.
Türkmen halkymyzyň milli mirasyna sarpa goýýan, olary dünýä ýaýmakda, ýaş nesillere ýetirmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!
BEBITOWA Leýla,
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby