SUNGAT ADAMLARY

Meşhur sazanda Şükür bagşynyň ýagty ýadygärligine bagyşlanan agşam geçirildi

Rowaýata öwrülen Şükür bagşynyň 190 ýyllygy mynasybetli guralan hatyra agşamy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda geçirildi. Bu barada saýtynda «Türkmenistan. Altyn asyr» saýtynda habar berilýär.

Ony Nury Halmämmedowyň adybir filmi üçin ýazan «Şüküriň mowzugy» we «Nar agajy» atly iki eserini ýerine ýetiren tüýdükçiler kwarteti açdy.

Şükür bagşynyň Eýran hanynyň köşk sazandasy Gulam bilen bäsleşýän parçasy — «Şükür bagşy» filminden bir bölek monitor arkaly sahnada görkezilýärdi. Artist Aman Handurdyýew Nurmyrat Saryhanowyň hekaýasynyň gahrymanynyň beýanyna doly laýyk gelýär – inçesagt, ýanyp duran gözli, dutaryň tarlary bilen täsinlik döredýän uzyn çeýe barmakly.

Aýdym-sazyň halkyň durmuşyndaky, Şükür bagşynyň türkmen sazyndaky orny barada konserwatoriýanyň mugallymy Rejep Annamyradow we Duşagyň Şükür bagşy adyndaky aýdym-saz mekdebiniň uçurymy Gunça Muhammetberdiýewa, şeýle hem bagşynyň obadaşy, Duşak şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy Nurnazar Jumanazarow gürrüň berdi. Mekdepde okatmakdan başga-da Nurnazar ýazyjylyk bilen meşgullanýar. Onuň agşama ýygananlara görkezen awtorlyk kitaplarynyň arasynda Şükür bagşy hakda-da kitap bar. Ol bu kitaby sowgat ýazgysy bilen konserwatoriýa bagyşlady.

Soňra Türkmenistanyň halk artistleri Aganazar Öwezgeldýewiň, Orazmyrat Annanepesowyň we Muhammetdurdy Muhammetnyýazowyň ussat ellerinde dutar ýaňlandy. Olar öz saz çalyşlary bilen Şükür bagşynyň sazynyň zehinli türkmen halkynyň arasynda ýaşaýandygyny ynandyryjy tassyk etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: