BIZE YAZYARLAR

Mertebe belentligi

Ýaşyl Tugumyzda ýaýlalaryň ýaşyl reňki bar. Baýdagymyza haly bäş welaýatymyzyň haly gözlleri bezeg berýär. Gölleriň aşagyndaky zeýtun baldagy parahatçylygyň nyşany.
Binalara zynat, äleme nusga,
Guwanjym-buýsanjym aňladar dosta,
Sygynyp, sežde edip, döndüm yhlasa
Ýaşyl Tugum belent ruhuň aýdymy

Dünýä inen ýurdum-jigerbendimdir,
Ýüzümiň tuwagy, baýlyk-genjimdir,
Dilimiň senasy-şygyr beýdimdir
Ýaşyl Tugum belent ruhuň aýdymy.
Türkmen Baýdagynyň gelip çykyşy ir döwürlerden gözbaş alýar, Baýdaklar ilkibaşda goşunlarda söweş hereketlerini ugrukdyrmak wezipesini ýerine ýetiren bolsa, döwletleriň döremegi bilen bolsa olaryň döwlet nyşanyna öwrülipdir. Baýdakda ýerleşdirilen nyşanlar şol döwletiň medeniýetini, taryhy ösüşini, halkyň däp-dessurlaryny we ynançlaryny aňladypdyr.
Togrulbeg bilen Çagrybegiň döwlet baýdaklarynda bürgüdiň şekili bolup, olaryň özüne hem guşlaryň ady dakylypdyr. Halkymyzda kümüşden ýasalan gyňajuja hem uçup barýan laçynyň şekiliniň salnandygy barada çeşmeler habar berýär.
Parfiýanyň Hatra köşgüniň baş derwezesinde aždarha şekiliniň bolmagy ýöne ýere däldir. Änewdäki Seýitjemalettdin metjidiniň esasy girelgesi hem iki sany aždarhanyň şekili bilen bezelipdir. Türkmen halkynyň arasynda ir döwürlerde hem bürgüdiň şekili has-da ýörgünli bolupdyr. Merwiň miladydan öňki 2 müňýyllyga degişli möhürleriniň ýüzünde bürgüdiň tugra görnüşindäki şekilleriniň köp duşýandygyny çeşmeler habar berýär.
XII asyr seljuk baýdaklary aždarha şekilleri bilen nagyşlanypdyr. Sefewi türkmenleriniň hökümdarlygynyň döwlet baýdaklarynda aždarha şekillendirilipdir.
Oguz hanyň Gaýy agtygynyň neberesinden bolan Gaznaly türkmenleriniň döwletiniň kynyk tiresinden bolan seljuklaryň tuglary ýaşyl reňkde bolup, onda Aý bilen tawus guşuň şekili şekillendirilipdir.
Baýdaklar ilkibaşda goşunlarda söweş hereketini ugrukdyrmak wezipesini ýerine ýetiren bolsa, döwletleriň döremegi bilen, şol baýdaklar olaryň milli döwletliligini aňladýan nyşanyna öwrülipdir. Baýdaklarda ýerleşdirilen nyşanlar şol döwletiň medeniýetini, taryhy ösüşini, halkyň däp-dessuryny we ynançlaryny aňladypdyr.
Pederlerimiz ”Öý haly ýazylan ýerden başlanýar” diýýärler. Türkmeniň mukaddes öý ojagyny halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Haly gölleri döwlet nyşanlarynda hem öz beýanyny tapýar. Türkmen döwlet Tugunda gadymy haly gölleri Aý bilen bäş ýyldyz, zeýtun baldajyklary parahatçylygyň we asudalygyň nyşany hasaplanýar.

Muzaffar HATAMOW,
Çärjew etrabynyň ýöriteleşdirirlen 42-nji orta mekdebiniň geografiýa mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.