Jeyhun News

Информационно-аналитический портал

Merkuriniň ýanyndan uçup barýarka, «BepiColombo» älem zondy saýýaranyň suratyny iberdi

Oct 5, 2021

«BepiColombo» älem zondy özüniň alan Merkuriniň birinji suratyny iberdi, diýip Ýewropa kosmos agentligine salgylanmak bilen, Russiýanyň «Новости» habarlar agentligi habar berýär.

Surat UTC wagty bilen 23:44-de (Aşgabat wagty bilen 00:44-de) alnypdyr. Şol wagt zond Merkuriden 2418 kilometr aralykda ýerleşen eken. Ondan on minut ozal apparat saýýara 199 kilometr ýakynlaşmagy başarypdyr.

1024 x 1024 piksel dykyzlykdaky ak-gara suratda Merkuriniň Klawino we Lermontow kraterleri, «Sihtu» düzlügi ýerleşen demirgazyk ýarym togalagy şekillendirilipdir.

Adblock
detector