SYÝASAT

Merkezi Aziýa ýurtlary hukuk goraýjy edaralarynyň mümkinçiliklerini has giňeldilmek barada gepleşdiler

2021-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Daşkent şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Ýerine ýetiriji sekretary Geda Fathi Waliniň gatnaşmagynda BMG-niň Neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça 2022-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna gol çekmek hem-de ony işe girizmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.

Köpugurly gepleşiklerde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi.

Çykyşlaryň barşynda bellenilişi ýaly, bu sebitleýin maksatnamanyň hereket edip başlamagy sebitiň ýurtlarynyň hukuk goraýjy edaralarynyň korrupsiýa, adam söwdasyna, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna hem-de guramaçylykly jenaýata garşy göreşmek babatyndaky mümkinçilikleriniň has hem giňeldilmegine itergi berer.

Şeýle-de gepleşikleriň dowamynda häzirki döwrüň kiberjenaýatçylyk, maglumat we biologiki howpsuzlygyna wehim abanmagy ýaly meselelere garşy göreşmek babatynda köpugurly hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi boýunça hem işjeň pikirler alyşyldy.

Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar üçin Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň agzasy bolmak bilen, bu meselä barlyşyksyz göreşmek babatynda köptaraplaýyn gün tertibiniň meseleleriniň çözülmegi ugrunda öz tagallalaryny yzygiderli dowam etmäge meýillidir. Şu nukdaýnazardan, Kiçi toparyň Ýakyn we Orta Gündogarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy hem-de garyşyk meseleler boýunça 55-nji mejlisiniň Türkmenistanda geçirilmegi boýunça hem teklip beýan edildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: