JEMGYÝET

Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanan sergi geçirildi

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogyna bagyşlanan sergi geçirildi.

Bu serginiň çäklerinde medeni çykyşlar, milli lybaslaryň görkezilişi, şeýle-de «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy. Serginiň aýratyn diwarlygy Özbegistan Respublikasyna, özbek milli gymmatlyklaryna bagyşlanyp, onda Buhara, Hywa, Samarkant ýaly gadymy şäherleri, milli lybaslardyr sünnälenen el işleri, özbek tagamlary görkezilipdir. Şeýle-de Gazagystanyň medeniýetiniň köpöwüşginliligi, gazak milli egin-eşikleri, erkek we zenan başgaplary hem şu sergide görkezilýär.

Serginiň aglaba bölegini türkmen zenanlarynyň ylham çeşmesinden dörän gözellikler bezedi. Olaryň hatarynda ilkinji gezek sergä gatnaşyp, täze önümlerini tanyşdyran ildeşlerimiz hem bar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: