Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogynyň taryhy ähmiýeti barada gürrüň etdiler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda «Zenanyň sesi — Zeminiň sesi» diýen at bilen maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň guramagynda geçirilen maslahata dürli ulgamlarda zähmet çekýän zenanlar, institutyň professor-mugallymlary we talyp gyzlar gatnaşdylar, diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Çykyşlarda Aşgabat şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň zenanlarynyň dialogynyň taryhy ähmiýeti maşgala gatnaşyklarynda we jemgyýetde zenanlaryň tutýan orny, ýurdumyzda gender deňligi boýunça alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan çykan kitaplaryndaky türkmen gelin-gyzlarynyň edep-ekramy, Ogulabat ejäniň nusgalyk göreldesi bilen baglanyşykly gürrüňler bu ýerde edilen çykyşlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Maslahatda çykyş eden döredijilik işgärleri ene mukaddesligi hakynda döreden şygyrlaryny okadylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector