DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Merjen: Gadymy korallion daşy barada bilesiňiz gelýärmi?

 Merjen daşyna, başgaça, «koral» hem diýilýär. Ol gadymy, gymmatbahaly daşlaryň biri hasaplanylýar. Bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu daş deňiz polipleriniň ýaşaýyş ukyplylygynyň netijesinde emele gelýär.

 Polipler toparynyň ýyllarboýy deňiz suwunyň belli bir bölegini özüne siňdirmegi bilen, çökündiler emele gelip, olar koral, ýagny, merjen daşyna öwrülýär.

 Bu gymmatbahaly daş ýylda 1 santimetr ulalýar. Rowaýata görä, merjen daşynyň ady ýunan diliniň «korallion» diýen sözünden gelip çykypdyr. Bu sözüň manysy «deňizleriň ogly» diýmekligi aňladýar. Ýazuw çeşmelerinde «koral» sözüniň nemes diliniň «koralle» sözünden gelip çykandygy bellenilýär.

 Tebigatda bu daşyň 6000 görnüşine duşmak bolýar. Şeýle-de merjen daşy daşky gurluşy boýunça agaç we ýelpewaç görnüşdedir. Merjenlerden, köplenç, her dürli monjuklar, şaý-sepler ýasalýar. Merjen daşyna, başgaça, «syýahatçylaryň daşy» hem diýilýär. Käbir halklarda merjen daşyna «aždarhanyň daşy» (drakonit) hem diýilýär. Bu daşy arzuwçyl adamlara dakynmak maslahat berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: