“Arkadag” toparynyň tälimçisi Mergen Orazow toparyň AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda Saud Arabystanyň “Al-Nassr” topary bilen bolan duşuşykdaky utulysy ilkinji 20 minutda orta goýlan gowşak oýun bilen baglanyşdyrýar. Ol bu barada duşuşykdan soň geçirilen metbugat maslahatynda aýtdy.
― Şondan soň birinji ýarymyň ahyryna çenli islän oýnumyzy orta goýmakda kynçylyk çekdik. Ikinji ýarymda biraz tijendik. Howply pursatlary hem döretdik, ýöne bize şowlulyk ýetmedi – diýip, tälimçi daşary ýurtly žurnalistiň bu ýagdaý baradaky sowalyna jogap berdi.
Paýtagtymyzyň Olimpiýa stadionynda geçirilen duşuşyk myhman toparyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Mergen Orazow: “Ilkinji 20 minutdaky gowşak oýnumyz utulyşyň sebäbi boldy”
12
Feb

