Lebap welaýat çagalar kitaphanasynda “Meniň söýgüli gahrymanlarym” ady bilen çagalar ertirligi geçirildi. Türkmenabat şäheriniň 6-njy çagalar bagynyň körpeje çagalarynyň gatnaşmagynda geçirilen çärede kitaphana hünärmelerini türkmen halk ertekileriniň gahrymanlary gurjaklaryň üsti bilen
janlandyrmagy körpelerde has-da kitaba bolan gyzyklanmasyny artdyrdy.
Çykyşlarda ýaş körpelerimizi bilime höwesli, ahlak terbiýeli bolup ýetişmekleri üçin uly atalyk aladalaryny edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.