Aýdymsyz hem-de sazsyz,
Durmuş meňzär tümlüge,
Ýaşaýyşam manysyz,
Öwrüler ümsümlige.
Ýaşlykdan aýdym aýdýan,
Watan hem ene hakda,
Entek men bärden gaýdýan,
Bolaryn soň has ökde.
Gije-gündiz hiňlenýän,
Aşhanada ýa daşda,
Şeýdip aýdym öwrenýän,
Gowy aýtmagy has-da.
Her gez sahna çykanda,
Joşup aýdýan aýdymy,
Mugallymlam göremde,
Diýýän köp sagbolsuny.
Aýdym bilen saz bilen,
Okaýas şagalaňly,
Günler geçýär ýaz bilen,
Wagtymyz şadyýanly.
Hoş owazly aýdymlar,
Diňlemegi halaýan,
Owadan, şirin sazlar,
Çalmagy-da başarýan.
Ýigide müň hünär az,
Diýipdir Pederlermiz,
Biz şol nakyla uýýas,
Goldaýar Arkadagmyz.
Iş başarsaň, il tanar,
Seni hemmeler sylar,
Saňa hormat goýular,
Ýagşylykda ýatlanar.
IMAMOWA Selbi,
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby.
