Lebap welaýatynyň Farap etrabynda ýerleşýän Farap şypahanasy eýýam birnäçe ýyl bäri halka hyzmat edip halkyň söýgüsini gazanan ýerleriň biri hasaplanýar. Melhemleriň mekany hasaplanýan Farap şypahanasy özüniň “Melhem suwy” bilen tapawutlanyp onuň düzüminde adam organizmine zerur bolan maddalaryň, mikroelementleriň 32-den gowrak görnüşi bardyr. Bir wagtyň özünde hem pikirleriňi durlamaga , hemde saglygyňy dikeltmäge niýetlenen şypahanamyzda hyzmatlaryň ählisi elýeterli bahalar bilen halka hödürlenendir.
Şypahananyň barlag we bejeriş bölüminiň döwrebap tehnologiýalar bilen baýlaşdyrylmagy, bejergi işleriniň bolsa mineral suwlar bilen amala aşyrylmagy, bejergileriň täze-täze görnüşleriniň ornaşdylmagy bu ýere bejergi almaga gelýän raýatlaryň isleglerini doly kanagatlandyrýar, olaryň saglygyny berkitmegine oňyn täsir edýär. Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensklopediki kitaplaryndan ugur alyp şypahanamyzda ýörite Fitobar otagy döredildi. Milli Liderimiziň “Çaý -melhem hem ylham ” atly kitabyndan ugur alyp lukmanlarymyz şypahana bejergi almaga gelýän näsaglara dürli hili melhem çaýlaryny masalahat berýärler. Diňe bir lukmanlaryň däl eýsem her bir türkmeniň ýan kitabyna öwrülen Alym Arkadagymyzyň Ylmy Kitabynda beýan edilýän her bir ösümligiň bejeriş ähmiýeti barada hem näsäaglara lukmanlarymyz tarapyndan düşündiriş okuwlary geçirilýär. Lukmanlaryň maslahatyna eýerip taýýarlanýan dürli hili melhem çaýlary, demlemeleri, gaýnatmalary özleriniň hoşboýlygy bilen, saglyga peýdalylygy bilen bejergi almaga gelýän näsaglara şypa berýär. Dermanlyk ösümliklerinden diňe bir demleme taýýarlamak bilen çäklenmän olardan şypahanamyzda wanna bejergileri hem ýola goýlandyr. Bu fitobejergiler ýürek- damar, iýmit siňdiriş, deri kesellerine, nerw ulgamyna şypa bolýar .
Halkymyzyň sagdyn ýaşamagy ugrunda şeýle aladalary edýän, lukmanlarymyzyň höwesli zähmet çekmegi üçin dürli mümkinçilikleri döredip beren, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman, tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Arzuw SULTANOWA,
Farap şypahanasynyň sagaldyş-dikeldiş lukmany.

