JEMGYÝET

Mekgejöwen labirinti syýahatçylykdan girdeji getirýär

Mekgejöwen labirinti indi birnäçe onýyllyklaryň dowamynda dünýäde hereket edýän maşgala güýmenjesidir, diýip «1000ideas.ru» ýazýar.

Mekgejöwen labirintini döretmek pikiri ilki bilen amerikaly fermerleriň kellesine gelipdir. Görüp otursalar, öň boş ýatan meýdanlar ösüni ödäpdir, üstesine-de yzy üzülmeýän syýahatçylar we mekgejöweni satmaga döreýän mümkinçilik ummasyz girdeji getiripdir.

Mekgejöwen labirintlerini ilkinji döredip başlanlaryň biri Aýdaholy telekeçi Brette Herbstedir. Ol öz pikirini durmuşa geçirmek bilen çäklenmän, 1800 franşizasyny (tehnologiýasyndan, usulyndan peýdalanmak bilen, belli söwda belgisini ulanmaga, telekeçilik işini alyp barmaga bolan tölegli hukugy)  satmak bilen, ony bütin dünýä ýaýratdy. Indi ABŞ-da we beýleki köp ýurtlarda maşgala bolup mekgejöwen labirintine syýahata gidip bolýar. Şeýle labirintler Kanadada, Angliýada,Çehiýada, Hytaýda we beýleki ýurtlarda bar.

Labirintiň esasy maksady bulam-bujar ýollaryň arasyndan çykalga tapmakdan ybarat. Özem, girelgesi bir bolsa-da, olaryň birnäçe çykalgalary bolup biler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: