YKDYSADYÝET

Mekdepleriň abatlaýyş işleri üçin gurluşyk serişdeleri berilýär

Lebap welaýatynda umumybilim berýän orta mekdeplere döwlet býujetiniň hasabyna 300 tonna sementiň alnyp berildi. Bu sement mekdep binalarynda abatlaýyş-bejeriş işlerini ýokary hil derejesinde bellenilen möhletde ýerine ýetirmeklige şert döretdi.

 Welaýatda hereket edýän orta mekdepleriň, şeýle hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ählisinde awgust aýynyň başyna çenli ýeňil abatlaýyş-bejeriş işleri doly tamamlanyp, täze 2024 – 2025-nji okuw ýylyna taýýar edilipdir.