Lebap welaýatynyň orta mekdeplerini tamamlan uçurymlara orta bilim hakyndaky şahadatnamalar gowşuryldy.

Şu mynasybetli dabaralar guraldy. Ellerine şahadatnama alan pursatlaryndan başlap, oglanlaryň we gyzlaryň 18 müňe ýakyny özbaşdak durmuş ýoluna gadam basdylar. Olaryň köpüsi ýokary, ýörite orta we başlangyç hünär mekdeplerinde okuwlaryny dowam etdirmegi maksat edinýärler. Saýlan ugry boýunça işe ýerleşip, zähmet ýoluna düşmek isleýänler hem bar.

Şahadatnamalary gowşuryş dabaralarynda çykyş eden uçurymlar mynasyp bilim we terbiýe berendikleri üçin özleriniň mugallymlaryna minnetdarlyk bildirdiler, mugallymlar bolsa mekdepleri tamamlanlaryň ählisine durmuşda mynasyp orunlaryny tapmaklaryny arzuw etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: