BIZE YAZYARLAR

Mekdepler we olaryň döreýiş taryhy

Bilim bu durmuşymyzyň iň esasy gurallarynyň biridir. Bilim bermegi kämilleşdirmek bilim alýanlaryň daşky gurşawy, okuw otaglary yagny mekdepler bilen göniden-göni bagly bolýar. Biz siziň üçin taryhda ilkinji döredilen mekdepler barada gyzykly maglumatlary topladyk. Taryhda ilkinji dörän mekdep bu
musulmanlaryň Kraun Fese mekdebidir. Ol häzirki Palestinada 859-njy ýylda döredilipdir. Ol mekdebe esasan hem oglan çagalar köp gatnapdyrlar. Mekdep dini mekdep bolandan soň çagalara esasan mollalar mugallymçylyk edipdirler.
Kitaplaryň ýetmezçilik edeniligi, gymmat bolanlygy üçin kitaplar elde ýazlyyp okuwçylara berilipdir. Ruslarda 988-nji ýylda şuňa meňzeş mekdepler knýaz Wladimiriň döwründe döredilipdir. Ol mekdeplerde esasan ylym öwredilipdir.
Häzirki geografiýa, matematika, fizika ýaly derslerden okadylýan çagalar berk düzgün-nyzam bilen saklanylypdyr.
Ilkinji gezek XVII asyrda ýaşap geçen çeh pedagogy Ýan Amos Komenski häzirki döwrebap mekdepleriň düýbüni tutujy hasaplanýar. Ol özi üçin ýönekeý, ýöne dünýämiz üçin bolsa ajaýyp bir açyşy edip gitdi. Onuň başyny tutmagy bilen dowamlylygy 45 minut bolan okuw sagatlary, her okuw sagadyndan soň çagalara dynç alyş wagtlary ýagny arakesmeler, şol bir ýaşdakylar üçin bir toparyň döredilmegi, olaryň ýörite taýýarlanan maksatnama esasynda şol bir dersleri okadylmagy ýola goýuldy. Komenskiniň pikirine görä okuwça bir temany özleşdirmek üçin 45 minut wagt berilmeli we öýe ýumuşlar tabşyrylmalydy.
Amerikan alymy P. Monro we onuñ tarapdarlary terbiýäniñ döreýşini «çagalaryñ uly adamlara añsyz öýkünmeginiň netijesidir» diýip düşündirýärler. Görnüşinden belli bolşy ýaly, olaryň nazary garaýşy Z. Freýdiňkä meňzeýän hem bolsa, ony gös-göni gaýtalamaýar. Başgaça aýdanyňda, Z. Freýdiň nazaryýetinde terbiýä diňe şahsyýetiň hususy içki meýillerine baglylykda seredip, çaganyň öýkünýän adamlary diňe maşgalanyň çäginde kesgitlenýän bolsa, P.Monro öýkünme hadysasyna çaganyň ösüş döwürlerine baglylykda tutuş gurşaýan jemgyýetiň täsirini göz öňünde tutýar.
Dünýä jemgyýetiniň künjeklerinde sebitara aýratynlyklarynyň bolşy ýaly, bilim hadysasyna degişlilikde her bir döwletiň bilim ulgamynyň ýagny mekdepleriniň biri-birlerine meňzemeýän häsiýetli aýratynlyklary bardyr. Meselem: Birleşen Arap Emirliklerinde bilim ulgamy köp ösen döwletlerde bolşy yaly,
köpbasgançaklydyr. Ýurtda orta bilim özünde 4 ýaşdan 6 ýaşa çenli çagalar üçin, mekdebe çenli edaralar, başlangyç mekdepler (6 ýyl), doly däl orta mekdepler (3 ýyl okuw) ýaly basgançaklara bolünýär. Okuwlar aýratynlykda (dini mekdepler), şeýle-de bilelikde (dünýewi mekdepler) alnyp barylýar. Germaniýanyň bilim ulgamynda, orta mekdeplerde okuw ýylynyň dowamlygy 13 ýyla niýetlenendir. Hökmany bilim çagalaryň 6–19 ýaşlysyna degişlidir.

Aýnur ÇARYÝEWA,
Darganata etrabyndaky takyk ugurly derslere ýöriteleşen 13-nji orta mekdebiň Geografiýa mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: