BIZE YAZYARLAR

Mekdepde Okuw-usuly birleşmeler

Mekdeplerde häzirki döwürde alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň
esasylarynyň biri hem Okuw-usuly birleşmeleriniň işidir. Okuw-usuly
birleşmeleriniň ýerine ýetirýän işleri terbiýeçilik işleriniň gönezligidir. Çünki ol
mugallymyň hünär derejesini kesgitleýär. Mekdep mugallymlarynyň geňeşi
mekdebiň mugallymlarynyň öz-özüni dolandyrýan ýokary guramasydyr. Mekdebiň mugallymlar geňeşinde Usuly birleşmeleiň işleri barada maslahatlaşylýar we okuw ýylynyň dowamynda meýilnama esasynda ýerine ýetirilýär.
Usuly birleşmäniň esasy wezipeleri şu aşakdakylardan ybaratdyr:
– okuwçylaryň bilim derejesi, pikirleniş işiniň döredijilikli häsiýeti, özbaşdak okap öwrenmäge, akyl ýetirmäge bolan ymtylyşy, aýry-aýry ugra ýykgyn edişi we ş.m. açyp görkezmek;
-mugallymyň okuwçylar bilen ynsanperwerlikli gatnaşyklary.
-öňdebaryjy tejibeleri ara alyp maslahatlaşmak, ony öwrenmek, umumylaşdyrmak we ýaýratmak.
-iş tejribesini öwrenmegiň görnüşleri
-mugallymlar bilen geçirilýän aýrybaşga işler
Biziň hem ýöriteleşdirilen orta mekdebimizde usuly birleşmeleriň birnäçesi
hereket edip olar hem okuw işleriniň, hem terbiýeçilik işleriniň hilini
gowulandyrmakda has ähmiýetlidir. Okuw-usuly birleşmeler geçilýän sapaklaryň
hiliniň gowy bolmagyna , mugallymyň zähmetiniň netijeliligine we okuwçylaryň
biliminiň hiline täsir edýär. Tejribeli we işeňňir mugallymlaryň iş tejribesini ýaş
hünärmenlere ýetirip olaryň mugallymçylyk ussatlyklaryny ýokarlandyrmak biziň esasy maksadymyz bolup durýar.
Usuly birleşmeleriň okuw-terbiýeçilik tarapy bolsa sapakdan daşary geçirilýän
amaly okuwlar, medeni çäreler, gurnalýan ýaryşlar we beýleki köpçülikleýin
işlerdir. Biz Usuly birleşmämiziň mugallymlary bilen yzygiderli
-ylmy-amaly maslahatlary
-golaý ýerleşen mekdepleriň usuly birleşmeleri bilen usuly okuwlary
-mugallymlar üçin temalaýyn okuwlary
-açyk sapaklary weolaryň seljermesini
-mugallymlaryň we okuwçylaryň işlerinden sergileri geçirip durýarys.
Bize şeýle eşretli zamanada işlemäge, döretmäge mümkinçilikleri döredip beren
Alym Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan alkyşymyz
çäksizdir. Goý olaryň janlary sag, belent başlary aman bolsun!

Melike KURÝAZOWA,
Darganata etrabynyň takyk ugurly derslere ýöriteleşdirilen 13-nji orta
mekdebiniň Iňlis dili mugallymy