Şu günler «Türkmenistan ― ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly spartakiadanyň mekdep okuwçylarynyň arasyndaky ýaryşynyň etrap-şäher tapgyrlary dowam edýär. Bu ýaryşlar sportuň 10 görnüşi boýunça geçirilýär.
Oktýabr aýynyň başynda badalga berlen ýaryşlaryň çäklerinde sportuň kiçi futbol, woleýbol, ýeňil atletika, basketbol, gandbol, küşt, düzzüm, tennis, stoluň üstünde oýnalýan tennis we türkmen milli göreşi görnüşleri boýunça mekdep okuwçylary ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Eger kiçi futbol boýunça ýaryşlara diňe oglanlar gatnaşýan bolsa, beýleki görnüşler boýunça okuwçy gyzlar hem ýaryşýarlar. Türkmen milli göreşi boýunça ýaryş 40, 45, 48, 52, 57, 62 we 68 kilograma çenli agram derejelerinde geçirilýär.
Spartakiadanyň etrap-şäher tapgyrlarynda öňe saýlanan mekdep okuwçylary onuň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Mekdep okuwçylarynyň arasyndaky spartakiada dowam edýär
28
Nov
