BIZE YAZYARLAR

Mekdep okuwçylarynda ekolgiki terbiýäni ösdürmegiň pedagogik jähtleri

Islendik jemgyýetiň esasy düzüm bölegini ýaşlaryň düzýändigi, ýaş nesliň ösüşiň hereketlendiriji güýji hökmünde çykyş edýändigi hemmelere mälim hakykatdyr. Häzirki ylym we innowasiýalar döwründe bolsa, ýaşlar täze tehnologiýalary, täzeçillikleri gündelik durmuşa ornaşdyrmakda has işjeňlik bilen tapawutlanýar. Bu bolsa maglumataryň elýeterliligini üpjün etmekde iň uly mümkinçilikdir. Elbetde häzirki döwür bolsa, maglumat tehnologiýalarynyň,
innowasiýalaryň döwri, jemgyýetiň ähli ulgamlary kompýuter tehnologiýalary bilen baglanyşykly bolup durýar. Şu nukdaýnazardan, ykdysadýetiň ähli ulgamlarynda işleýän hünärmenlere öz işine bilimli çemeleşmek, döwrebap bilimli bolmak her bir adamyň, ulgamyň, jemgyýetiň ösüşiniň esasy görkezijisine öwrülýär. Şonuň üçin,ylymda bilimler ykdysadyýeti diýen düşünje hem barha giň gerime eýe bolýar.
Ýaşlaryň ylym-bilim şol sanda ruhy-ahlak-terbiýe taýdan kämil bolmagy olaryň Watana bolan söýgüsi hem-de geljekki sagdyn jemgyýetimiziň düýbüniň berkden tutulmagy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Watana bolan söýgi bolsa, onuň tebigatyna bolan söýgüden başlanýar. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerinde dünýä derejesinde öň hatara çykýan daşky gurşawy goramak ugrunda döwletimiziň işjeňlik görkezýän ählumumy ekologiýa meseleleriniň
çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize, asylly däplerimize eýerilip ýaş nesle ekologiýa biliminiň çuňňur berilmegi, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetiniň pugtalandyrlymagy ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär.
Munuň özi durnukly ösüş konsepsiýasynyň baş maksady bolan nesillerimiz üçin daşky gurşawyň aýawly saklanylmagy we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagy babatynda hem wajyp bolup durýar. Elbetde çuňňur ekologik meseleleri çözmegiň iň amatly we iň wajyp bölegi bu mekdep okuwçylarynda ekologiki bilimi kemala getirmek bolup durýar.
Mekdepde ekologiki bilim ýokary derejede berilmegi her bir adamyň tebigy we jemgyýetçilik gurşawdaky hünär we adaty işjeňliginde amatly şertleriň döredilmegini we guralmagyny maksat edinýän bilimiň, terbiýäniň hem-de medeniýetiň derejesini kesgitleýän ekologik pikir ýöretmek ilkinji nobatda adamyň erkin  ösmegini, onuň saglygynyň goralmagyny maksat edinýär. Şunda hususan-da, adamyň tebigata gatnaşygynyň, daşky gurşawda özüni alyp barmagynyň şahsy jogapkärçilik duýgusynyň, tebigat bilen iş alyp barýan hünärmenlerde bolsa, ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmäniň kemala gelmegi, adamyň we tebigatyň özara
baglanyşygy babatynda täze bilimleriň yzygiderli özleşdirilmegi daşky gurşawy netijeli dolandyrmagyň esasy şertleri hökmünde kesgitlenilýär. Daşky gurşawy goramak ugrunda kämil hünärmenleri taýýarlamakda hem-de jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini pugtalandyrmakda ýaş nesliň aňyna ekologiýa biliminiň düýpli ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti bolsa, öz-özünden bellidir. Şu nukdaýnazardan, häzirki wagtda ýurdumyzyň orta, ýörite we ýokaryokuw mekdeplerinde daşky gurşawy goramagyň we tebigata aýawly çemeleşmegiň
esaslary ýörite hünärmenleri taýýarlamak şeýle hem, okuw derslerini okatmak arkalygiň gerimde alnyp barylýar.
Ekologik bilim bermek ekologiýa medeniýetliligi ösdürmegiň wajyp serişdesi bolup, ol ylmy dünýägaraýşy, ýaşlarda tebigata bolan dogry çemeleşmäni terbiýeleýän daşky gurşawyň ýagdaýyny hemmetaraplaýyn anyklamak endigi bolup durýar. Şeýle endigiň ýaşlarda bolmagy ylmyň kämil tehniki enjamlary bilen dolandyrylýan senagat önümçiliginiň daşky gurşawa täsirini azaltmaga gönükdirilen ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde, ekologiýa
innowasiýalaryň ornaşdyrylmagynda gazanylýan netijelerde aýdyň ýüze çykýar.
Ählumumy ekologiýa meseleleri oňyn çözmegiň esasy şerti hem ekologiýa medeniýetlilik, adam bilen tebigatyň özara sazlaşygynyň üpjün edilmegi, tebigata diňe bir maddy däl-de eýsem ruhy gymmatlyk hökmünde hem garalmagy bilen baglanyşyklydyr. Bu bolsa, häzirki wagtda ýaşlarda ekologiýa medeniýeti pugtalandyrmagyň jemgyýetiň we ylmy-tehniki ösüşiň möhüm wezipeleriniň birine hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilmegine itergi berdi. Hususan-da, bu ugurda Türkmenistanyň işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO tarapyndan hem tebigy mirasyň goragynyň üpjün edilmegi bilen birlikde, ekologiýa düşünjeliligiň, medeniýetiň dünýä derejesinde ösdürilmegi ugrunda giň gerimli işler alyp barylýar. Ekologik bilimi kämil bolan şahsyýetde kemala gelýän ekologiýa medeniýetliligi bu adamyň aňyny ekologiýalaşdyrmagyň iň ýokary derejesidir.
Ekologiýa bilimi göz öňünde tutýan hukuk kadalaşdyrmanyň kämilligi, jemgyýetde hukugyň amala aşyrylmagy arkaly ekologiýa aň-bilimiň ýokarlanmagy, ekologik düşünjeliligiň artmagy arkaly yzygiderli ösüşiň maksatlaryna ýetmäge hukuk taýdan täsir edýär. Milli kanunçylygymyzyň jemgyýetiň ekologiýa medeniýetini berkitmegi nazarlaýan gatnaşyklaryň
düzgünleşdirilmegini göz öňünde tutýan kadalary özünde jemlemegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Umuman, islendik işe medeniýetli, paýhasly, ylmy esasda çemeleşmek bu işiň oňyn netijeleriniň kepili bolýar. Ýurdumyzda täze tehnologiýalardan başy çykýan, döwrebap bilimleri we ylmyň gazananlaryny özleşdirýän ýaş nesliň kemala gelmegi ugrunda netijeli işleriň durmuşa geçirilmeginiň miweleri durmuş-ykdysady, syýasy-jemgyýetçilik ösüşlerde aýdyň görünýär. Jemgyýetiň ösüş kuwwaty bolan ýaşlaryň ylym-bilimleriniň daşky gurşawy goramaga gönükdirilmegi, bu ugurda hukuk binýadynyň kämilleşmegi bolsa ekologiýa
medeniýetini ýokarlandyrýan Watan söýüjiligiň we ynsanperwerligiň alamaty, döwrüň zerur şerti bolup durýar.

Islam KÖMEKOW,
Köýtendag etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň mugallymy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.