Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda 2026-njy ýylyň 25-nji aprelinde hem-de 9-njy maýynda «Açyk gapylar» günleri geçirildi. Çäreler hormatly Prezidentimiziň milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatda durmuşa ornaşdyrýan döwrebap özgertmelerini, institutda hereket edýän hünärleri, taýýarlyk ugurlaryny, okuw-usuly, ylmy-barlag, terbiýeçilik we medeni-köpçülik işleri barada ýaşlara giňişleýin maglumat bermek maksady bilen guraldy.
«Açyk gapylar» günlerinde umumybilim berýän edaralarda bilim alýan, dürli edara-kärhanalarda we guramalarda zähmet çekýän, şeýle hem Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän ýaşlara mugallymçylyk hünäriniň aýratynlyklary we hünär ugurlary barada düşündiriş berildi. Şeýle hem gatnaşyjylar institutyň häzirki wagtda hereket edýän hem-de täze ulanylmaga beriljek binalar toplumynda okamak, ýaşamak, medeniýetli dynç almak we sport bilen meşgullanmak üçin döredilýän şertler bilen tanyşdyryldy. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty barada maglumatlar bilen www.tdmugi.edu.tm web saýtynda tanyşmak bolýar.
Mekdep okuwçylary talyplyk dünýäsi bilen tanyşdylar
11
May

