BIZE YAZYARLAR

Mekdebimizde merdana pederlerimizi hatyraladyk

Mekdebimizde Beýik Ýeňiş gününe bagyşlanan dabara geçirildi. Ony mekdebimiziň taryh mugallymy Atamyrat Şadyýew bilen bilelikde guradyk.
Dabara bilen ugurdaşlykda taýýarlanan serginiň has täsirli bolandygyny aýtmak gerek. Onda 1941 ― 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan gerçeklerimizi hatyralaýan «Hatyra» we «Şöhrat» atly kitaplar bilen birlikde, şol ýyllarda ulanylan ýaraglaryň, harby lybaslaryň käbir görnüşleri görkezildi. Sergi ony synlanlary gowgaly ýyllara gaýybana syýahata alyp gitdi.
Mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda geçirilen aýdym-sazly çykyşlar hem täsirli boldy. Olar türkmen we rus dillerinde Beýik Ýeňşi wasp edýän aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Çärä Lebap welaýatynyň döwlet arhiwiniň uly ylmy işgäri Maral Çaryýewa hem gatnaşyp, Lebap welaýatynyň ýaşaýjylarynyň Ýeňşiň gazanylmagyna goşan goşandy barada gürrüň berdi. Bu gürrüňler dabara gatnaşyjylar tarapyndan uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Beýik Ýeňiş güni ýaş nesiller üçin mukaddes baýram. Bu baýram okuwçylarymyzy watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýe. Ajaýyp döwrümizde öten-geçenlerimizi ýatlap, olaryň şöhratly ýoluny hatyralamakda belent görelde görkezýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirýäris.

Gülşirin DURDYKULIÝEWA,
Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň müdiri.