Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri bilen maslahat geçirildi

Çärjew etrabynyň bilim bölüminde «Çagalara bilim bermekde innowasion tehnologiýalardan peýdalanmak we okuw-görkezme esbaplary, wideomateriallary taýýarlamak boýunça hünärmenleriň iş tejribelerini kämilleşdirmek» diýen temada usuly-amaly maslahat geçirildi. Lebap welaýat baş bilim müdirliginiň guran maslahatyna etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň terbiýeçileri gatnaşdylar.

Olar bu ýerde guralan okuw-görkezme esbaplarynyň, usuly işleriň sergisine syn etdiler. Maslahatyň umumy mejlisinde çykyş eden bilim işgärleri mekdebe çenli çagalar baglarynda okuw terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyk guramak, halypaçylyk işlerini netijeli guramak, elektron gollanmalary taýýarlamagyň usullary barada pikir alyşdylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector